2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 17-sine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymlary Aýjemal Allaşaýewa, Beghan Annasähedow we Mamajan Haýtmuradowa tarapyndan institutymyzyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda “Dil öwrenmegiň saglyga täsiri” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Çäräniň dowamynda mugallymlar bilen talyplaryň arasynda dil öwrenmegiň okuw bilen birlikde psihiki we akyl saglygyna hem peýdaly täsirleri barada özara pikir alyşyldy.
Bu wagyz-nesihat duşuşygy talyplarda dil öwrenmek arkaly ýatkeşligi, ünsi we çalt pikirlenmek ukyby artdyrar .