Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplarynyň geçen göçme okuw sapagy

Talyplaryň nazarýetde alan bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyryp geçmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmen döwlet-binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda gurluşygy alnyp barylýan institutyň täze binalar toplumynda göçme okuw sapagy geçirdiler.

Talyplar täze binalar toplumynda binanyň düýbünden başlap gurluşynyň esasy tapgyrlary, gurluşykda ulanylýan täze materiallar, inženerçilik ulgamlary we howpsuzlyk kadalary bilen tanyş boldular.


TDBGI


Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar gurluşyk meýdançasynda Türkmenistanyň Senagatçylyr we telekeçiler birleşmesiniň “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhananyň degişli hünärmenleri  bilen özara pikir alyşdylar.