Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan döwründe nazary okuw sapaklaryny has-da kämilleşdirmekleri üçin önümçilik bilen baglanyşdyrmak, ökde hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir.
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlary we talyplary bilen gurluşygy alnyp barylýan institutyň täze binalar toplumynda göçme okuw sapagyny geçirdiler. Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar gurluşyk meýdançasynda “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasynyň degişli hünärmenleri bilen özara pikir alyşdyrlar.

Institutymyzyň täze okuw binasynyň gurluşygy diňe bir ýokary derejeli gurluşyk guramalarynyň ýerine ýetirýän işi bilen çäklenmän, şeýle-hem talyplara öz hünärleri boýunça tejribe almaga giň mümkinçilik döredýär. Talyplar gurluşygyň ähli tapgyrlarynda gatnaşyp, gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işleriň tehnologiýasyny, gurluşyk materiallarynyň aýratynlyklaryny, işgärleriň iş tertibi bilen içgin tanyşdylar.

Şeýle göçme okuw sapaklary talyplaryň amaly başarnyklaryny ösdürýär we binagärlik-gurluşyk pudagynda hünär taýdan kämilleşmegine, olarda inženerçilik pikirlenmesini ösdürmäge uly ýardam berýär.