SPORT ÜSTÜNLIKLER

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 28-den noýabr aýynyň 16-y aralygynda Bangkok şäherinde (Tailand Patyşalygy) sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Rahmanow Parahat Döwranowiç baýrakly II orna mynasyp bolmagy başardy. Şeýle hem bu üstünlik Rahmanow Parahadyň şu gezek Bangkok şäherinde geçirilen ýaryşlarda 2-nji üstünligidir.


TDBGI


Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Gelejekde hem Rahmanow Parahat Döwranowiçe sport äleminde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris.