BUÝSANÇLY ÝEŇIŞ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzdaky ösüşlere mynasyp goşant goşmakda türkmen ýaşlarynyň orny aýratyn uludyr. Munuň subutnamasy hökmünde, ýaşlarymyzyň ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän dürli ylmy-ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, gazanýan ýeňişlerini hem-de baýrakly orunlaryny görkezmek bolar.

Şeýle buýsançly ýeňişleriň biri hem, 2025-nji ýylyň 1–14-nji noýabry aralygynda Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilen U-21 Jiu-jitsu NO-GI görnüşi boýunça Dünýä Çempionatynda gazanyldy. Bu ýaryşda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Aýnanyň hem-de sitallaryň himiki tehnologiýasy” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Rahmanow Şyhberdi 62 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly III orny eýeledi.

Bu gazanylan ýeňiş, ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň netijesini görkezmek bilen, Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga mynasyp goşant goşdy.