Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde geçirilen duşuşyk

“Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky 77 belgili buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna berkidilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebine okuw-usuly goldaw bermek üçin özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek boýunça 2025-2026-njy okuw ýylynda ýerine ýetirilmeli işleriň iş meýilnamasynyň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşygy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymlary, şeýle hem Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň “Maglumat howpsuzlygy” taýýarlygyň ugrunyň talyplary gurnadylar. Duşuşyk “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygy” atly tema boýunça geçirildi. Duşuşygyň maksady - Türkmenistanyň we BMG-nyň baýramçylyk seneleri arkaly, talyplary dilleri öwrenmäge we döredijilikli pikirlenmäge höweslendirmek. Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary bilen geçirilen duşuşyk örän gyzykly we täsirli boldy.