Inžener-mehanika fakultetiniň talyplaryna önümçilik bilen baglanyşdyryp göçme okuw sapagy geçirildi

Talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyryp geçmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 12-sine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika” kafedrasynyň mugallymlary we talyplary Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika koorporasiýasynyň “Türkmenenergoabatlaýyş” ýöriteleşdirilen önümçilik birleşiginde göçme okuw sapagyny geçirdiler. Talyplar “Türkmenenergoabatlaýyş” ýöriteleşdirilen önümçilik birleşiginde  alnyp barylýan işler bilen giňişleýin tanyşdylar. Göçme okuw sapagyň dowamynda talyplar işgärler bilen özara pikir alyşdylar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerini çuňlaşdyryp öwrenmäge uly ýardam edýär.