“Elektron fizikasynyň esaslary ” atly okuw kitaby çap edildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary G.Hojamämmedowyň, S.Nurgeldiýewiň ýokary okuw mekdepleri üçin “Elektron tehnikasynyň fiziki esaslary” atly okuw kitaby çap edildi. Okuw kitabynyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan redaktirlenildi. 

Bu okuw kitabynda ýarymgeçiriji, elektrowakuum, gazrazrýadly, optoelektron we kwant abzallarynyň gurluşynyň hem-de işiniň esaslaryny kesgitleýän fiziki proseslere garaldy. Maglumat we güýç beriji elektronikanyň elementler binýadyny düzýän diodlaryň, tranzistorlaryň, tiristorlaryň we beýleki abzallaryň esasy häsiýetnamalary we parametrleri getirilen. Bu okuw kitabynda diodlaryň, tranzistorlaryň, tiristorlaryň, elektron çyralaryň, elektron-şöhle turbajyklaryň, foto-elektron kwant abzallarynyň häsiýetnamalaryny we parametrlerini kesgitleýän fiziki proseslere aýratyn üns berilýär.     

Elektronikanyň fiziki esaslarynyň öwrenilmegi ýörite bölümlerde seredilýän maglumat we güýç beriji elektronikanyň gurluşlarynyň shema-tehnikasynyň aýratynlyklaryny düşünmäge mümkinçilik berýär.

Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň maglumat-ölçeg tehnikasy we tehnologiýasy, mikroelektronika we ýarymgeçiriji abzallar, senagat elektronikasy hünärleriniň talyplary üçin niýetlenendir.


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölümi