Talyplaryň nazarýetde alan bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyryp geçmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmen döwlet-binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” kafedrasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda gurluşygy alynyp barylýan institutyň täze binalar toplumynda gözme okuw sapagyny geçirildi. Talyplar täze binalar toplumynda uly depgin bilen alynyp barylýan gurluşyk işleri bilen giňişleýin tanyş boldular.Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar gurluşyk meýdançasynda Türkmenistanyň Senagatçylyr we telekeçiler birleşmesiniň “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhananyň degişli hünärmenleri bilen özara pikir alyşdylar.