“CodeMaster 2025” Hakaton bäsleşigi geçirilýär

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “CodeMaster 2025” Hakaton bäsleşigi geçirilýär.

Hakaton bäsleşigine ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

“CodeMaster 2025” Hakaton bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we jogapkär mugallymlarynyň sanawyny Düzgünnamadaky goşunda laýyklykda anyk, dogry doldurmaly we  2025-nji ýylyň 26-nji noýabryna çenli institutyň tdbgi.codemaster2025@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.

CodeMaster 2025 Hakaton bäsleşigniň Düzgünnamasy