ÝAŞ TALYPLARYŇ SPORT BÄSLEŞIGI

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 6-syna institutymyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda sport bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň talyplaryna “Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasynyň mugallymy Ý.Ataýewiň ýolbaşçylyk etmeginde talyp ýaşlarymyz Tanap çekmek bäsleşigine gatnaşdylar we öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler. 

Mugallymlarymyz we talyplarymyz şunuň ýaly giň mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.