2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 10-una Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň 5-nji ýyl talyplary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygynda göçme okuw sapagyny geçdiler, bu ýerde talyplar nazaryýetde alan bilimlerini tejribe üsti bilen has-da kämilleşdirdiler.
Bu gezekki göçme okuw sapagynda talyplar esasan armaturanyň armirlenişini, berkligini we çekim güýjini artdyrmak üçin amala aşyrylýan möhüm işler bilen tanyşyp, bu işler armaturanyň betonyň içinde nähili tertipde ýerleşdirilişi barada jikme-jik tanyşdylar.
Şeýle hem talyplar häzirki zaman gurluşygynda giňden ulanylýan mermer örtügiň binanyň daşky gönüşine ýerleşdirilişi we alynyp barylýan işleriň yzygiderliligini ussat hünärmenler bilen sorag-jogap arkaly öwrendiler. Talyplar bu göçme okuw sapagynyň täsirli geçendigini aýdyň beýan etdiler.
