Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan institutyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyplaryň arasynda “Daşary ýurt dillerini bilmegiň syýahatçylykdaky ähmiýeti” atly wagyz-nesihat duşuşyk geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymlary Kümüş Allabaýewa, Amangül Jumadowa we mugallym Bägül Annanepesowa tarapyndan institutymyzyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 10-na “Daşry ýurt dillerini bilmegiň syýahatçylykdaky ähmiýeti” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş eden mugallymlar daşary ýurt dillerini bilmegiň ähmiýeti, onuň halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmekdäki orny barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem, dünýäniň dürli ýurtlaryna syýahat etmekde dil bilmegiň adamlaryň aragatnaşygyny ýeňilleşdirýändigi, täze dostluklaryň we mümkinçilikleriň açylmagyna ýardam edýändigi nygtaldy.

Çärä gatnaşyjy talyplar hem öz pikirlerini paýlaşyp, daşary ýurt dillerini öwrenmegiň diňe bir bilim taýdan däl, eýsem şahsy ösüşde hem möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.