2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 6-syna Türkmen oba hojalyk instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda innowasion pikirleri ösdürmek, döredijiligi hem-de tehnologik başarnyklary kämilleşdirmek maksady bilen “Biotech” atly hakaton görnüşindäki toparlaýyn bäsleşik geçirdi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp toparlary gatnaşdylar.
Bu bäsleşikde gatnaşanlar biotehnologiýa we maglumat tehnologiýalary ugurlarynda öňde baryjy pikirleri, ylmy esasda taýýarlanan innowasion taslamalary hödürlediler.
Netijede, döredijilikli çemeleşmesi, ylmy taýdan esaslandyrylan taslamasy hem-de täzeçil pikirleri bilen tapawutlanan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyň topary bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy.
Bu üstünlik institutda talyp ýaşlaryň häzirki zaman ylmy-tehnologik ugurlarda alyp barýan işleriniň netijeliliginiň, şeýle hem bilim ulgamynda innowasiýalary üstünlikli ornaşdyrmagyň aýdyň subutnamasydyr.
“Biotech” hakaton bäsleşigi ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmekde, täze tehnologiýalary özleşdirmekde hem-de toplumlaýyn pikirlenmek ukyplaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.