Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygyň ugrunyň 4-nji ýyl talyby Muhammetnur Annamuhammedow Karatedo boýunça 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň çempionaty we birinjiliklerinde sportuň Kumite görnüşinden 18 ýaş we ondan uly erkekleriň arasynda 67 kg agramda çykyş edip I orny eýeledi we altyn medala mynasyp boldy.
Şeýle hem, institutymyzyň talyplarynyň arasynda Talyplar sport klubynyň gurnamagynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça geçirilen fakultetara ýaryşynda Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplary I orna mynasyp boldular.