Hormatly Prezidentimiziň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, döwrümize mynasyp, kämil nesli kemala getirmek boýunça öňde goýan wezipelerden ugur alyp, zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Nazary mehanika boýunça V internet ders bäsleşigi geçirildi.
Geçirilen internet bäsleşiginde institutymyzyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Guwanç Kemalow I orna, Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika (senagat pudagynda)” taýýarlygyň ugrunyň 3-nji ýyl talyby Kyýas Gyzylow II orun we şol fakultetiň “Seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Aýlar Dädebaýewa III orna mynasyp boldular.