Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli institutymyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda sport bäsleşigi geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak  maksady bilen, 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 6-syna institudymyzda bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda sportuň Armrestling (el göreşi), Tanap çekmek hem-de Gire götermek görnüşlerinden fakultetara ýaryşlar diýseň çekeleşikli geçerildi. Sport ýaryşlarynyň netijesinde aşakdaky fakultetler  baýrakly orunlara mynasyp boldular :

  1. Inžener-mehanika fakulteti - I   orun
  2. Himiýa tehnologiýasy fakulteti - II  orun
  3. Raýat goranyş fakulteti - III orun

     Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar.