SPORT ÄLEMINDE TÄZE ÜSTÜNLIKLER

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 28-inden noýabr aýynyň 16-sy aralygynda Bangkok şäherinde (Tailand Patyşalygy) sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy”  hünäriniň  2-nji ýyl talyby Parahat Döwranowiç Rahmanow çykyş edip baýrakly III orna mynasyp boldy.

Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Gelejekde hem Parahat Döwranowiç Rahmanowa sport äleminde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris.