TALYP TÜRGENIMIZIŇ ÝEŇIŞI

2025-nji ýylyň 1-14-nji noýabry aralygynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika (senagat pudagynda)” taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby Amanmyradow Annagurt Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde sportuñ Jiu-jitsu HIF görnüşi boýunça geçirilen Dünýä Çempionatynda 69 kg agramynda çykyş edip, baýrakly II orna mynasyp boldy.  

Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Geljekde hem Amanmyradow Annagurda sport äleminde uly üstünlikler gazanmagy arzuw edýäris.