TALYP TÜRGENIMIZIŇ ÝEŇIŞI

2025-nji ýylyň 1-14-nji noýabr aralygynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy” hünäriniñ 3-nji ýyl talyby Rahmanow Şyhberdi Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde sportuñ Jiu-jitsu HIF görnüşi boýunça geçirilen Dünýä Çempionatynda 62 kg agramynda çykyş edip, baýrakly III orna mynasyp boldy.

Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Geljekde hem Rahmanow Şyhberdä sport äleminde uly üstünlikler gazanmagy arzuw edýäris.