Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Ekologiýa” dersi boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ders bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige institutymyzyň talyplary hem gatnaşdylar.
Netijede, “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Mätjiýew Meýlis ikinji derejeli diploma mynasyp boldy. Talyp ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza ekologiýa bilimi barada çuňňur öwrenmäge döredip berýän mümkinçiliklerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar.