2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň oba hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen bilelikde Hasyl toýy mynasybetli “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Bu halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinden soňra, ol öz işini üç bölümçede dowam etdirdi. Bu halkara ylmy-amaly maslahata daşary ýurtlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen birlikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Diller” kafedrasynyň mugallymlary “Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş, ynsanperwer, matematika ylymlary, agroinženerçilik” diýlip atlandyrylan 2-nji bölümçesinde öz çykyşlary bilen işjeň gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahatda çykyş eden mugallymlar özara tejribe toplamakda bu maslahatyň has ähmiýetli bolandygyny bellediler.
Kümüş Allabaýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
“Diller” kafedrasynyň uly mugallymy