2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 10-11-i aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde sportuň erkin göreş görnüşi boýunça geçirilen “Baku şäheriniň Açyk birinjiligi” atly turnir ýaryşynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Rahman Muhammetnurowiç Ataýew çykyş edip baýrakly II orna mynasyp boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Rahman Muhammetnurowiç Ataýewe geljekde hem sport äleminde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris.