2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymy Merjen Baýramgulyýewa Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen №77-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Daşary ýurt dillerini aňsat we gyzykly öwrenmegiň ýollary” atly tema boýunça duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň esasy maksady ýaşlarda daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmany artdyrmak, olaryň dil öwrenmek endiklerini kämilleşdirmek we dünýä ülňülerine laýyk gelýän hünärmenler bolup ýetişmeklerine itergi bermek.

Duşuşyk sorag-jogap görnüşinde geçirildi. Okuwçylar mugallyma özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip, daşary ýurt dillerini öwrenmekde kynçylyk çekýän meseleleri boýunça maslahat aldylar. Duşuşyk gyzykly we şowhunly geçdi.