Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymlarynyň we talyplaryň arasynda “Iňlis dili sapaklarynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylyşy” atly okuw-usulyýet maslahaty geçirildi

     “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna” laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň Meýilnamasyna laýyklykda 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 31-ine, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymlarynyň we talyplaryň arasynda “Iňlis dili sapaklarynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylyşy”  atly okuw-usulyýet  maslahaty geçirildi. Maslahatda “Diller” kafedrasynyň mugallymy

M.Baýramgulyýewa we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň “Maglumat howpsuzlygy (senagat pudagynda)” taýýarlygyň ugrunyň 1-nji ýyl talyby Aýbölek Aşyrowa (ylmy ýolbaşçysy: “Diller” kafedrasynyň  uly mugallymy B.Oraztaganowa) çykyş etdiler.