2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda “Türkmengaz” DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli “Berkarar döwletiň gurluşyk we senagat pudagynyň batly gadamlary” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabaranyň dowamynda institutyň “Bagtyýarlyk binasy” aýdym saz toparynyň hem-de “Türkmengaz” döwlet kärhanasynyň Medeni-işewürlik merkeziniň tanymal aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary Ata Watanymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak babatyndaky durmuşa geçirýän beýik işleriniň waspy bolup ýaňlandy.














Baba Myratberdiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy