Halypa-şägirtlik gatnaşyklary pugtalandyrylýar

2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymlary halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň çäginde  Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde göçme okuw sapagyny geçirdiler. Bu okuw sapagyna “Diller” kafedrasynyň mugallymlary Garryýewa Nabat hem-de Rejepowa Mähri gatnaşdylar. Mugallymlar ilki bilen, talyplara daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti barada gysgaça düşündirip, olaryň bilimini kämilleşdirmek maksady bilen “Brain ring” bäsleşigini guradylar. Bäsleşige talyplar işjeň gatnaşyp, dürli ugurlar boýunça öz başarnyklaryny hem-de bilimlerini görkezdiler. “Brain ring” bäsleşigi talyplarda uly täsir galdyrdy hem-de geljekde bilimlerini has-da artdyrmak üçin okamaga bolan islegi döretdi. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan talyp toparyna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.