 
             
         
                                                
                                                
                                            
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň 2025-nji ýyl üçin umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli woleýbol ýygyndy topary Dakka şäherinde (Bangladeş Halk Respublikasy ) 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 22-28-i aralygynda geçen sportuň woleýbol görnüşi boýunça “CAVE Cup for Men volleyball championship 2025” atly halkara ýarşyna gatnaşyp Türkmenistanyň Milli woleýbol ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş eden Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk inistitutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ataýew Rahat baýrakly 1-njy orna mynasyp boldular.
Gazanylan bu üstünlikler Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk inistitutynyň sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, talyp ýaşlaryň bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaklaryna şert döretmekde alyp barýan toplumlaýyn işleriniň miwesidir.Institut ýolbaşçylygy, professor-mugallymlar we talyplar ýeňijileri we baýrak alan toparlary tüýs ýürekden gutlaýarlar,olary geljekde hem täze üstünlikleri,täze derejeleri arzuw edýäler. Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk inistitutynyň ýygyndy toparlary öňde duran ýaryşlara has-da jogapkär taýýarlyk görüp,ýurdymyzyň at-abraýyny has belende götermek ugrunda tutanýerlilik bilen zähmet çekmegi dowam ederler.
