Sport ýaryşynda talybymyzyň üstünligi

Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň “Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary (senagat pudagynda) taýýarlygyň ugrunyň 3-nji ýyl talyby Halynýazow Wepaly Rozmyradowiç 2025-nji ýylyň 19-27-nji oktýabry aralygynda geçirlen Türkmenistanyň Küşt fedrasiýasynyň Kubogynyň “A” kategoriýasynyň STANDART görnüşi boýunça I oruna mynasyp boldy.

Talyp türgenlere halkara hem-de döwlet derejesindäki ýaryşlara gatnaşmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!