Talyplara belli bir ugurda hünär taýýarlygyny öwretmek we täze başlan mugallyma okuw maksatnamasyny durmuşa geçirmekde halypaçylyk kömegini bermek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda TDBGI-niň uly mugallymy Orazgül Geldiýewna Berdiýewa mugalym-öwrenijilere maksada ýetmek üçin usullary saýlamaga, maglumatlary we beýleki bilim gurallaryny saýlamaga, şeýle hem toparda sagdyn psihologik ýagdaýyny döretmäge, talyplar bilen gatnaşygy ýola goýmaga we netijeli höweslendirmäge kömek etmek boýunça sapak geçirdi.