Türken döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň mugallym-öwrenijilerine oktýabr aýynyň 27-ne okuw seminary geçirildi. Okuw seminaryň dowamynda temasyna laýyklykda giňişeýin öwrenildi:
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 13552-nji Karary bilen tassyklanan “Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnamanyň” 37-nji bolegine laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde okuw işi umumy okuw, amaly okuw, söhbet okuwy, tejribe, barlag işi, özbaşdak iş, okuw-barlag işleri, önümçilik-hünär öwreniş tejribeligi, ýyllyk işleri we taslamalary taýýarlamak, şeýle hem dereje (kwalifikasiýa) ýazuw işleri (diplom işi, diplom taslamasy) ýaly görnüşlerde amala aşyrylýandygy;
Türkmenistanyň ýokary hünär okuw mekdeplerinde okatmagyň kredit ulgamy boýunça okuw işlerini guramagyň düzgünlerinde talybyň özbaşdak işine degişli aşakdaky maglumatlar berilýändigi, ýagny talyplaryň özbaşdak işi - bu özbaşdak öwrenmek üçin berlen, ylmy-usuly edebiýatlar we maslahatlar bilen üpjün edilen temalaryň belli bir sanawy boýunça testler, barlag işleri, kollokwiumlar, referatlar, düzmeler we hasabatlar görnüşinde barlanýan işdir. talyplaryň özbaşdak işi: mugallymyň ýolbaşçylygyndaky özbaşdak işe we tutuşlygyna özbaşdak ýerine ýetirilýän işe bölünýär, talyplaryň mugallymyň ýolbaşçylygyndaky özbaşdak işi - talybyň mugallymyň ýolbaşçylygyndaky tassyklanan tertip boýunça geçiryän auditoriýadan daşary işidigi barada gürrüň edildi.
Mugallymyň ýolbaşçylygyndaky özbaşdak işe okuw maksatnamasynyň çylşyrymly meseleleri, öy işlerini, ýyllyk işleri (taslamalary) ýerine ýetirmek boýunça maslahat sapaklary, ýyllyk işleriniň, hasabatlaryň we okaýanlaryň özbaşdak işiniň ýumuşlarynyň beýleki gömüşleri girýär.
Talyplaryň özbaşdak işiniň bu gornüşi mugallymyň ýolbaşçylygyndaley özbaşdak işi hökmünde kesgitlenilýär. Onuň maksady talyplara özbaşdak işlemegiň esasy endiklerini we uleyplaryny öwretmekden ybaratdyr.
Umuman özbaşdak işiň mazmuny görkezilen bölümlerden ybarat: