Sport üstünlikleri

Türkmenistanyň woleýbol boýunça talyplar ýygyndy topary Buhara şäherinde (Özbegistan Respublikasy) oktýabr aýynyň 14-22-si aralygynda geçen sportuň woleýbol görnüşi boýunça “CAVE Men’sWomen’s Students volleybol championship 2025” atly halkara ýarşyna gatnaşyp Türkmenistanyň woleýbol boýunça oglanlar hem-de gyzlar talyplar ýygyndy topary Hormatly 2-nji orna mynasyp boldular. 

Tälimçiler: M.Orazow, L.Jumaýewa we R.Kuwwadow 

Oýunlar: (Oglanlar)
SamSPI – TKM 0-3
TKM – KarSU 3-1
IIU – TKM  2-3
BukhSU – TKM 3-1
Oýunlar: (Gyzlar )
UrSU – TKM 2-3
NamSU – TKM 2-3
BukhSU – TKM 3-2
BukhSU – TKM 3-0

Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk inistitutynyň talyplary Öwetdiýewa Aýgül, Gurbanow Hemra, Begenjow Nedir hem-de esasy bellemeli zatlaryň biri şol institutymyzyň 3-nji ýyl talyby Muhammedow Rahym iň ökde oýunçy adyna mynasyp bolandygy bizi has hem buýsandyrýar we begendirýär.


TDBGI