HÜNÄR USSATLYGYNYŇ GÖZBAŞY

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda göçme okuw sapaklarynda bolup, harby talyplar institutymyzyň täze binalar toplumynyň binagärlik-gurluşyk işlerinde raýat goranyşy çygrynda nazary bilimlerini tejribede özleşdirdiler. Serkerde-mugallymlar tarapyndan bu guralan nobatdaky göçme okuw sapagy harby talyplaryň öz hünärlerini ele almagyna, gurluşyk meýdançalarynda raýat goranyşy we howpsuzlygy babatynda nazary bilimlerini kämilleşdirmegine, harby amaly endiklerini ýokarlandyrmagyna ýardam berdi.


TDBGI


Raýat goranyşy fakultetiň  harby talyplary yzygiderli ýagdaýda göçme okuw sapaklaryny geçmek bilen, bu ýerde amaly ýagdaýda binalaryň gurluşyk işleriniň ilkinji pursatlaryndan başlap, ilaty, hojalygy ýörediji desgalary we ýurduň çägini häzirki zamanyň weýran ediji ahwalatlaryndan, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň täsirinden goramak wezipelerini öwrenýärler.


TDBGI


Şeýle hem okuw sapagyna gatnaşýan harby talyplar Raýat goranyşynyň birinji derejeli wezipelerini içgin özleşdirýärler. Sözüň doly manysynda Raýat goranyşy fakultetiň serkerde-mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda harby talyplar paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözelligine görk goşjak döwrebap binalar toplumynda raýat goranyşy babatynda tehnologik tejribeleri öwrendiler hem-de bu ugurdaky öz tejribelerini baýlaşdyrdylar.