Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe milli gymmatlyklarymyza sarpa goýulýan zamana. Türkmen halkynyň adyny älem-jahana beýgeldip, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän şeýle gymmatlyklarymyzyň naýbaşylarynyň biri bolan alabaý itlerimiz tohum arassalygyny saklamakda we olaryň sanyny artdyrmakda alnyp barylýan işler her birimizi guwandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan kitaplary türkmen halkymyzyň hemişelik ýan kitabyna öwrüldi. Milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitaby hem diňe bir türkmen halkymyzyň söýüp okaýan eserleriniň biri bolman, eýsem dünýä halklaryny hem haýrana goýan eserleriň biridir.

