“Dünýä dilleriniň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki ähmiýeti” atly onlaýn usulyýet maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň guramagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2025-nji ýyl üçin tassyklan Meýilnamasyny  ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda “Dünýä dilleriniň parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki ähmiýeti” atly onlaýn usulyýet maslahaty geçirildi. Bu usulyýet maslahatyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden, şeýle-de orta hünär okuw mekdeplerinden mugallymlar we talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Çykyş eden mugallymlar öz çykyşlarynyň dowamynda daşary ýurt dillerini okatmagyň täze usullary barada, talyplar bolsa öz tejribelerine esaslanyp, daşary ýurt dillerini öwrenmekde ýüze çykýan kynçylyklar hem-de olary ýeňip geçmegiň ýollary baraga giňişleýin gürrüň berdiler. Bu usulyýet maslahaty ähli gatnaşyjylar hem-de diňleýjiler üçin örän täsirli boldy.