Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetinde “Ekologiýa” dersi boýunça içki Olimpiada geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylyň 3-nji martyndaky 37-nji belgili buýrugy bilen tassyklanan “Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek hakynda Düzgünnamanyň” talaplaryna laýyklykda Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda “Ekologiýa” dersinden ders bäsleşiginiň institut tapgyry  geçirildi. Bäsleşige institutymyzyň ähli fakultetlerinden talyplar gatnaşdylar. Talyp ýaşlar “Ekologiýa” dersiniň dürli ugurlaryna degişli meseleleri we test soraglaryny çözmekde öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler.


TDBGI


Şeýlelikde ýeňiji bolan talyplar ýurdumyzyň  ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, döwlet derejesinde geçiriljek “Ekologiýa” dersi boýunça olimpiadalara gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu bäsleşikde emin agzalary hökmünde “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň mugallymlary çykyş etdiler.