“Aýnanyň we sitallaryň tehnologiýasy, gurluşyk materiallary önümçiliginde ulanylýan enjamlar” atly okuw-usuly maslahaty

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” kafedrasynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde iş meýilnamasynyň çäklerinde “Aýnanyň we sitallaryň tehnologiýasy, gurluşyk materiallary önümçiliginde ulanylýan enjamlar” atly tema boýunça okuw-usuly maslahaty geçirildi. Okuw-usuly maslahata “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” kafedrasynyň mugallymlary we Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň “Ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy” hünäriniň 3-nji ýyl talyplary gatnaşdylar. Olar özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny çykyş eden mugallymlara berdiler we kanagatlanarly jogap aldylar. Bu okuw-usuly maslahat gatnaşyjylar üçin täsirli geçdi. Bu işler meýilnama laýyklykda yzygider alnyp barylýar.