Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylyň 3-nji martyndaky 37-nji belgili buýrugy bilen tassyklanan “Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMANYŇ” talaplaryna laýyklykda Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda “Iňlis dili” we “Rus dili” dersinden ders bäsleşiginiň inistitut tapgyry geçirildi. Bäsleşige inistitutymyzyň ähli fakultetlerinden talyplar gatnaşdylar.Talyp ýaşlar “Iňlis dili” we “Rus dili” dürli ugurlaryna degişli meseleleri we test soraglaryny çözmekde öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Şeýlelikde ýeňiji bolan talyplar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, döwlet derejesinde geçiriljek “Iňlis dili” we “Rus dili” dersi boýunça olimpiýadalara gatnaşmaga hukuk gazandylar.