“Binagärlik” kafedrasynyň mugallymlary we talyplary “Türkmen alabaýynyň milli baýramy mynasybetli” geçirilen sergä gatnaşdylar

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmen döwlet Binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymlary we talyplary Türkmenistanyň döwlet Çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda geçirilen “Türkmen alabaýynyň milli baýramy” atly sergi-ýarmakasyna gatnaşdylar.


TDBGI


Sergide Türkmen alabaýy wasp edýän birnäçe sungat eserleri, şol sanda ussat suratkeşler tarapyndan çekilen suratlar, heýkeltaraşlar tarapyndan ýasalan heykeller we beýleki sungat eserleri görkezildi. Şeýle-de Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem sergiň çäginde görkezildi.


TDBGI


Bu serginiň geçirilmegi, ýurdumyzda türkmen alabaý itlerine ýokary derejede üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Talyplar sergide görkezilen sungat eserleri arkaly nazaryýetde alýan bilimlerini tejribelikde has-da kämilleşdirip bilýärler. Şeýle-de, talyp ýaşlar türkmen alabaýyna bagyşlanyp döredilen sungat eserleri esasynda döreýän soraglaryna mugallymlaryň we sergidäki ussat hünärmenleriň kömegi bilen anyk jogaplar alyp bilýärler.


TDBGI