Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Çyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasynyň mugallymlarynyň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebine guran göçme okuw sapagy

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň "Çyzuw we materiallaryň garşylygy" kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde “Gurluşyk çyzgylarynda san belgili proýeksiýalaryň ulanylmagynyň ähmiýeti” atly tema boýunça göçme okuw sapagy geçirildi.


TDBGI


Okuw sapagynyň dowamynda talyplara gurluşyk çyzgylarynyň taýýarlanylyşynda döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, san belgili proýeksiýalaryň gurluşyk işlerinde orny we ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem okuw wagtynda gurluşyk çyzgylaryna degişli häzirki zaman internet çeşmeleri görkezilip, talyplar bilen sorag-jogap görnüşinde gyzykly gürrüň alyşmalar geçirildi.

Bu göçme okuw sapagy ýaşlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, olaryň gurluşyk ulgamynda döwrebap bilimleri özleşdirmegine we taslama taýýarlamak ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle okuw çäreleri ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleriň çäklerinde ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Göçme okuw sapagy talyp ýaşlaryň nazary bilimlerini amaly tejribe bilen utgaşdyrmakda, ýurdumyzyň binagärlik-gurluşyk pudagynyň ýokary hünär derejeli hünärmenlerini taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir.