Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymlary Aşgabat şäheriniň 77-nji orta mekdebinde göçme okuw sapagyny geçirdiler

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymlary Aşgabat şäheriniň 77-nji orta mekdebiniň arasynda hereket edýän halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň çäklerinde mekdebiň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda talyp ýaşlara okadylýan hünärler we olaryň aýratynlyklary barada göçme okuw sapagyny geçirdiler.


TDBGI


Göçme okuwyň dowamynda institutymyzda 7 sany fakultet we 34 sany hünär boýunça talyp ýaşlara bilim berilýändigini aýtdy. Şol hünärleriň biri hem “Binagärlik” kafedrasynyň “Binagärlik”, “Şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek”, “Binagärlik gurşawynyň dizaýny” hünärleri boýunça talyp ýaşlara öwedilýän maglumatlar boýunça gürrüň berdiler.

Şeýlelikde bu wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde talyp ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklygy gazanylýar. Şonuň netijesinde talyp ýaşlarymyzyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän derejede taslamalary ýerine ýetirmeklerini gazanmaklygy ýola goýmaklyk üçin şular ýaly okuw maslahaty bilen öňki bar bolan maglumatlaryň üsti doldurylyp durulýar.