Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi” kafedrasynyň mugallymlary Aşgabat şäheriniň 116-njy orta mekdebinde göçme okuw sapagyny geçdiler

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, pähim-paýhasly ýolbaşçylygy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny has-da ösdürmek, ýokary ylmy mümkinçilikleri bolan, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol maksatlara laýyklykda 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň «Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi» kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan Aşgabat şäheriniň 116-njy orta mekdebinde göçme okuw sapagy geçirildi.


TDBGI


Okuw sapagynyň dowamynda mugallymlar okuwçylara kafedrada taýýarlanylýan hünärmenler, olaryň aýratynlyklary hem-de ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň ösüşindäki ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berdiler. Belläp geçilişi ýaly, kafedrada «Ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy» hem-de «Suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak» hünärleri boýunça talyplara ýokary derejeli nazary we amaly bilim berilýär.

Mugallymlar bu hünärleriň ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda aýratyn möhüm orny eýeleýändigini, halkymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde, ýaşaýyş jaýlaryny we edara-kärhanalary ýylylyk bilen üpjün etmekde hem-de howa çalşygy üçin amatly şertleri döretmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Munuň özi, ahyrky netijede, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.

Geçirilen göçme okuw sapagy okuwçylarda inžener-tehniki ugurlara gyzyklanmany artdyrdy hem-de olara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň alyp barýan okuw-terbiýeçilik işleri bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Ýokary okuw jaýymyz ýurdumyzy ösdürmekde öz mynasyp goşandyny goşmaga ukyply ýokary hünärli, döredijilikli ýaşlary taýýarlamagy maksat edinýär.