2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda (TDBGI) Belarus Milli Tehniki Uniwersitetiniň (BMTU) wekilleri bilen möhüm onlaýn duşuşyk geçirildi.

Halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen gepleşiklere TDBGI-niň ýolbaşçylary we Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň professor-mugallymlar düzümi gatnaşdy.


TDBGI


Gepleşigiň dowamynda taraplar inžener-tehniki bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, tejribe alyşmagyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


TDBGI