Tenaga milli uniwersitetiniň wekili Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda umumy okuw sapagyny boldy

“Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” oktýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga gelen  Tenaga milli uniwersitetiniň Durnukly energiýa institutynyň direktory Hasini Hasril Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda myhmançylykda bolup, institutyň professor-mugallymlary  we talyp ýaşlary bilen duşuşdy.    

Duşuşygyň barşynda Tenaga milli uniwersitetiniň Durnukly energiýa institutynyň direktory Hasini Hasril “Gaýtadan dikeldilýän altenatiw energiýa çeşmeleri” atly tema boýunça umumy okuw sapagyny geçirdi.

Hasini Hasril gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek gün şöhlesiniň, ýeliň, suwuň, tolkunlaryň energiýasy ýaly ekologiýa zyýan ýetirmeýän çeşmeleri boýunça tejribeleri barada gürrüň berdi.

Duşuşykda  institutyň professor-mugallymlary myhmanlar bilen ylym-bilim ulgamynyň dürli ugurlary we Tenaga milli uniwersitetiniň tejribeleri boýunça sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň çäklerinde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ylym, bilimi kämilleşdirmek boýunça bilelikde işler alyp barmak barada maslahatlaşyldy.

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň Ylym bölümi