I.Razzakow adyndaky Gyrgyz döwlet tehniki uniwersitetiniň wekili Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda okuw sapagyny geçirdi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda  I.Razzakow adyndaky Gyrgyz döwlet tehniki uniwersitetiniň Binagärlik we dizaýn institutynyň direktory Kožobaýewa Saltanat Tolonbaýewna gurluşyk we binägärlik ugry boýunça  umumy okuw sapagyny geçirdi.

Geçirilen okuw sapagynda ol häzirkizaman binagärlik tejribeleri bu ugurda alnyp barylýan ylmy barlag işleri, gurluşyk we binägärlik ulgamynda sanly ulgamlaryň ulanylyşy barada gürrüň berdi.

Duşuşykda  institutyň professor-mugallymlary myhmanlar bilen ylym-bilim ulgamynyň dürli ugurlary we I.Razzakow adyndaky Gyrgyz döwlet tehniki uniwersitetiniň tejribeleri boýunça sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen I.Razzakow adyndaky Gyrgyz döwlet tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ylym, bilimi kämilleşdirmek boýunça bilelikde işler alyp barmak barada maslahatlaşyldy.

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk  

institutynyň Ylym bölümi