2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Kazanyň Milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň “Inženerçilik ekologiýasy” kafedrasynyň dosenti Draýahlow Wladislaw Olegowiç “Gaty garyndylary gaýtadan işlemek boýunça ekologiýa taýdan amatly usullar” atly tema boýunça umumy okuw sapagyny geçirdi. Geçirilen okuw sapagynda gaty garyndylary ýok etmegiň ýa-da gaýtadan işlemek usullary barada gürrüň berdi.
Duşuşykda institutyň professor-mugallymlary myhmanlar bilen ylym-bilim ulgamynyň dürli ugurlary we Kazanyň Milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň tejribeleri boýunça sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Kazanyň Milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň çäklerinde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ylym, bilimi kämilleşdirmek boýunça bilelikde işler alyp barmak barada maslahatlaşyldy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Ylym bölümi