TEJRIBELER  BAÝLAŞDYRYLDY

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gurluşygyna ak pata beren Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda amaly we tejribe okuwlaryny geçdiler. Bu ýerde harby talyplar ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp, gurulýan institutymyzyň täze binalar toplumynyň binagärlik-gurluşyk işlerinde raýat goranyşy çygrynda ýerine ýetirilmeli işler bilen tanyşdylar. 


TDBGI


Göçme okuw sapagy harby talyplaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, gurluşyk meýdançalarynda raýat goranyşy we howpsuzlygy babatynda nazary bilimlerini kämilleşdirmegine, harby amaly endiklerini ýokarlandyrmagyna ýardam berdi. 


TDBGI


Göçme okuw sapagynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar binagärlik-gurluşyk işlerinde raýat goranyşy meýilleşdirmekligiň esasy wezipelerini, Raýat goranyşyň dolandyryş, habar beriş we aragatnaşyk ulgamlaryny guramak, ösdürmek we hemişe taýýarlykda saklamak, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işgärlerini we ilaty adatdan daşary ýagdaýlarda herekete taýýarlamak, Raýat goranyşynyň gorag desgalarynyň zerur gaznasyny, şahsy gorag serişdeleriniň gorlaryny we başga emlägini toplamak we taýýar ýagdaýda saklamak işlerini meýilleşdirmegi we adatdan daşary ýagdaýlar dörände ilaty gorag desgalary bilen üpjün etmekligi içgin öwrendiler. Has takygy harby talyplar döwrebap binalar toplumynda raýat goranyşy babatynda tehnologik tejribeleri öwrendiler hem-de bu ugurdaky öz tejribelerini baýlaşdyrdylar.


TDBGI