«IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetinde Türkmen halkynyň  Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleriniň güni mynasybetli halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Bu gymmatly eserler halkymyz üçin lukmançylyk ylmy gollanmasy boldy. Has dogrusy türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriniň ylmy taýdan beýan edilmeginiň dowamy bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaplary Raýat goranyşy fakultetiň harby gullukçylarynyň hem buýsanjyny ýokarlandyrdy.


TDBGI


Çärede edilen çykyşlarda Watanymyzda ýerli dermanlyk ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşleriniň giňişleýin beýan edilýän bu kitabyň okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ylmyna uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berendigi nygtaldy. Baý mazmunly kitaplar üç dilde neşir edilip, daşary ýurtly okyjylary ýurdumyzyň tebigaty bilen ýakyndan tanyşmaga hem mümkinçilik döredendigi, kitapda dermanlyk ösümlikleriň sözlügi hem-de dermanlyklary taýýarlamagyň usullary baradaky giňişleýin maglumat berilýändigi barada aýtdylar.


TDBGI


Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVII jildinde görnükli alymlarynyň, tebipleriň we lukmanlaryň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleriň beýan edilýändigi, «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynda bolsa Ýurdumyzda kabul edilen «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler we ösüşler barada giňişleýin gürrüň berdiler.


TDBGI


Mähriban halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, tutuş adamzadyň sagdyn we abadan durmuşy ugrunda amala aşyrýan bimöçber işlerinde Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, hemişe üstünlikleriň we rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny hem-de galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!