Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylyň 3-nji martyndaky 37-nji belgili buýrugy bilen tassyklanan “Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMANYŇ” talaplaryna laýyklykda Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Umumy himiýa” kafedrasynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda “Himiýa” dersinden ders bäsleşiginiň inistitut tapgyry geçirildi.
Bäsleşige inistitutymyzyň ähli fakultetlerinden talyplar gatnaşdylar.Talyplar ýaşlar Himiýa dersiniň dürli ugurlaryna degişli meseleleri we test soraglaryny çözmekde öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler.
Şeýlelikde ýeňiji bolan talyplar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, döwlet derejesinde geçiriljek “Himiýa” dersi boýunça olimpiýadalara gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bu bäsleşikde emin agzalary “Umumy himiýa “ kafedrasynyň mugallymlary gatnaşdylar.