“Amaly sapagy gurnamagyň esasy talaplary” atly seminar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda mugallymlaryň we talyplaryň hünär başarnyklaryny ösdürmek, okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ylmy tejribeleri paýlaşmak maksady bilen yzygiderli ylmy-amaly çäreler geçirilýär.

Şol çäreleriň çäklerinde 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasy tarapyndan “Amaly sapagy gurnamagyň esasy talaplary” atly ylmy-amaly seminar geçirildi. Seminar kafedranyň uly mugallymy Ýazjamal Hojadurdyýewanyň ýolbaşçylygynda guralyp, oňa kafedranyň mugallymlary, hem-de ýokary kurs talyplary gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda amaly sapaklaryň gurnalyşynyň häzirki döwürde tutýan orny, olaryň talyplaryň tejribe taýýarlygyny ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti, amaly sapaklaryň netijeliligini artdyrmagyň usullary hem-de döwrebap tehnologiýalaryň sapaklara ornaşdyrylyşynyň ugurlary boýunça çykyşlar diňlenildi.

Seminarda çykyş edenler amaly sapaklary geçmekde ylmy-nazaryýetiň tejribe bilen utgaşdyrylmagynyň zerurlygyny, täze okuw serişdelerinden, kompýuter programma üpjünçiliginden we 3D modelirleme ýaly innowasion usullardan peýdalanmagyň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar tarapyndan pikir alyşmalar guralyp, amaly sapaklaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk geçirilmegi üçin birnäçe teklipler öňe sürüldi. Çärä gatnaşyjylar seminaryň maglumat taýdan baý hem-de tejribe taýdan peýdaly bolandygyny bellediler.

Bu görnüşdäki ylmy-amaly çäreler geljekde hem dowam etdirilip, mugallymlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmaga, talyplaryň taýýarlyk derejesini has-da artdyrmaga gönükdiriler.


TDBGI